Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi gyş paslynda ulag serişdelerini dolandyrmak bilen bagly welaýat neşirinde çykyş etdi.
Makalada bellenilişi ýaly, gyş paslynyň häzirki sowuk, sürçekli günlerinde awtoulag serişdelerini dolandyrýan sürüjilere ýol hereketinde has ünsli bolmak maslahat berilýär. Gijelerine howanyň aşa sowamagy bilen ulaglaryň aýnalarynda doňmalar emele gelýär. Şonuň üçin hem sürüjilerden säher bilen işe ugramankalar, şol doňmalaryň doly aýrylandygyna göz ýetirmek talap edilýär. Gyş günleriniň säherlerinde we agşamlarynda ümürli howalar hem seýrek däl. Şeýle ýagdaýda sürüjiler, hökmany suratda, ulagyň ümür kesiji gabara yşyklaryny ýakmalydyrlar. Şeýle hem ümürli howada bellenilen tizlige görä
hereket edip, ýol hereketine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny goramak berk talap edilýär.
Türkmenabat şäher PÝGG ýatladýar…

09
Jan