Ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly we täsirli geçirmek maksady bilen birnäçe terbiýeçilik ähmiýetli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle ýatda galyjy çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýi tarapyndan gurnaldy. Türkmenabat şäherindäki “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň Beýik Watançylyk urşy muzeýine gelip, merdana pederleriň görkezen gahrymançylykly ýoly bilen tanyşdyrýan muzeý gymmatlyklaryny synlamaklary bagtyýar ýaş nesiller üçin terbiýeçilik mekdebine öwrüldi. Şöhratly atalarymyzyň ata Watan ugrunda edermenlige ýugrulan nusgalyk ýollary, ýaşlaryň geljekki ykbalyna degişli hünäri saýlamaklyga ugrukdyryp, halk, Watan, ene toprak ýaly mukaddesliklere tagzym etmek düşünjelerini has-da berkitdi.
Türkmenabat şäher häkimliginiň Bagtiýarlyk sagaldyş we dynç alyş merkeziniň çagalarna Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýinde çagalar üçin gezelençler gurnaldy

15
Jun