TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň raýatlygyny alanlara pasportlar gowşuryldy

Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen raýatlyk berlenlere Türkmenistanyň pasportynyň we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek dabarasy boldy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakyndaky Permana we Karara Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda gol çekdi.

Dabarada çykyş edenler Türkmenistanda adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplere hem-de adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigi barada durup geçdiler we döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: