Şu ýylyň geçen dokuz aýynyň görkezijileri boýunça «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginiň Türkmenabat şäher agyz suw arassalaýjy desgasynda 15,6 million kub metrden gowrak agyz suwy öndürilip, 12 million 814 978 manatlyk iş ýerine ýetirildi.
Netijede bellenilen meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Önümçilik kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr suw arassalamaga niýetlenilen bu desgadan Türkmenabat şäheriniň ilaty, şeýle-de Çärjew etrabynyň şähere golaý ilatly nokatlarynyň 16-sy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilýär.
Türkmenabat şäher agyz suw arassalaýjy desgasynda uly netijeler gazanyldy
30
Oct
