YKDYSADYÝET

Türkmenabat pagta egriji fabriginde 2100 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi

Türkmenabat pagta egriji fabriginde şu ýylyň geçen ýanwar-mart aýlarynda ýokary hilli nah ýüplügiň 2 müň 139 tonnadan gowragy öndürilip, üç aýlyk iş meýilnamasy 117 göterim berjaý edildi.

Bu ýerde degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 41 million 590 müň manatlyga deň boldy. Şeýle-de degişli döwürde taýýar önümleriň 25 million 674 müň manatlygy, ýagny, 1 müň 306 tonnasy ýerlenildi.

Fabrikde nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ölçeglerdäki görnüşlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu dokma kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 580-e golaýy zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: