YKDYSADYÝET

Türkmenabat halkara howa menzilinden Türkmenistanyň sebitlerine howa gatnawy dikeldildi

1-nji iýundan Türkmenabat halkara howa menzilinden ýurduň sebitlerine howa gatnawlary dikeldildi. Howa gatnawlarynyň tertibi «Türkmen gündogary» gazetiniň 3-nji iýundaky sanynda çap edildi.
Ozal bu ýerden diňe «Türkmenabat — Aşgabat —Türkmenabat» ugry boýunça gatnaw amala aşyrylýardy. Indi lebaplylar we onuň myhmanlary Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerine hem uçarly gidip bilerler. Uçuşlar «Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat» ugry boýunça hepdede üç gezek: duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri, «Türkmenabat — Daşoguz — Türkmenabat» ugry boýunça hepdede iki gezek: duşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.
«Türkmenabat — Aşgabat —Türkmenabat» ugry boýunça, ozalkysy ýaly, günde iki gezek gatnaw dowam eder.
1-nji iýundan «Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat» ugry boýunça awtobus gatnawynyň dikeldilendigini habar beripdik. Şol seneden «Türkmenabat — Gazojak — Türkmenabat» we «Türkmenabat — Amyderýa — Türkmenabat» aralygynda otly gatnawlary hem ýola goýlupdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply