TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabat Halkara howa menzili wideogözegçilik ulgamyny kämilleşdirer

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Türkmenabat Halkara howa menzili wideogözegçilik ulgamynyň «Milestone» programma üpjünçiligini satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige açyk görnüşli bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar hem-de ýurdumyzda hasaba alnan ýuridik şahslar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine möhür bilen tassyklanan doly tender teklibi görnüşinde tabşyrylmalydyr. Bildiriş berlen günden başlap 30 günüň dowamynda resminamalar sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (422) 9-46-78; 9-47-03.