Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda ýylyň dowamynda un, bugdaý ýarmasy we kepek önümçiligi boýunça öndürijilik ýokary derejesini görkezýär. Kärhananyň 100 müň tonna möçberinde dänäni saklamaga mümkinçilik berýän elewatory we ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenen kuwwaty önümçiligiň durnukly alnyp barylmagyny üpjün edýär. Ýanwar — oktýabr aýlarynyň netijeleri boýunça 129 million 294 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 101,2 göterim ýerine ýetirilipdir. Bu döwürde 38 müň 706 tonna un öndürilip, onuň 12 müň 838 tonnasy ýokary hilli, 25 müň 868 tonnasy bolsa birinji hilli un bolupdyr.
Kärhanada bugdaý manny ýarmasynyň 95 tonnasy taýýarlanyp, meýilnama 100 göterim berjaý edilipdir. Şeýle-de 11 müň 774 tonna kepek öndürilip, ösüş depgini 102 göterimden ýokary bolupdyr. Önümçiligiň ähli tapgyrlarynda — bugdaýyň kabul edilmeginden başlap, degirmeň işine, taýýar önümleriň gaplanyşyna çenli — hil ölçeglerine aýratyn üns berilýär. Barlaghanada önümleriň degişli nusgalary boýunça çyglylygy, himiki düzümi we beýleki görkeziji sanawlary seljerilýär. Munuň özi kärhananyň durnukly önümçilik depginini üpjün edýän möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda önümçilik görkezijileri ýokarlanýar
21
Nov
