Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ilkinji çärýeginde öndürilen önümiň möçberi 43 million 427 müň 800 manada deň bolup, meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Degişli döwürde önümçiligiň ösüş depgini 123,8 göterime barabar boldy.
Her ýylda 100 müň tonna azyklyk gallany saklamaga, 80 müň tonna un we un önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýän kärhanada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Bu bolsa önümçiligiň durnukly alnyp barylmagyna, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
Ýanwar — mart aýlarynda kärhanada 13 müň tonnadan gowrak un öndürildi. Onuň 4 müň 315 tonnasy ýokary hilli, 8 müň 686 tonnasy bolsa birinji hilli undyr. Şeýle hem bu döwürde 27 tonna manny ýarmasy öndürilip, meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi.
Kärhanada kepegiň 3 müň 956 tonnasy taýýarlanyldy. Bu görkeziji boýunça meýilnama 103,3 göterim berjaý edilip, önümçiligiň ösüş depgini 123,7 göterime ýetirildi.
Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda önümçiligiň ösüş depgini ýokarlanýar
24
Apr

