Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda 28 müň tonna golaý un öndürildi
Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 22 million 285 müň 729 manatlyk önüm öndürilip, 7 aýlyk iş meýilnamasy 100,2 göterim berjaý edildi.
Has takygy, bu döwürde jemi 27 müň 881 tonna un öndürildi. Şonuň 9 müň 251 tonnasy ýokary hilli, 18 müň 630 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde bugdaý ýarmasynyň 10 tonnasy, kepegiň 8 müň 493 tonnasy öndürilip, önümçiligiň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy.
Germaniýanyň we Russiýa Federasiýasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu kuwwatly kärhanada her aý ýokary görkezijiler bilen jemlenilýär.