JEMGYÝET

Türkmenabat ― Türkmenbaşy howa gatnawy hepdäniň haýsy gününde?

Tomsuň gelmegi bilen Türkmenabat ― Türkmenbaşy aralygyndaky howa gatnawlaryna bolan isleg has ýokarlanýar. Welaýat neşiriniň täze sanynda okyjylara bu gatnawyň tertibi barada maglumat berildi.

Ýurduň gündogar we günbatar sebitleriniň iri şäherlerini birleşdirýän uçuş her hepdäniň ýekşenbe güni amala aşyrylýar. Şol gün uçar günsiz sagat 12:50-de Türkmenbaşy şäherinden Türkmenabada sary ýola düşýär. Şol uçar yzlygyna bolsa Türkmenabat şäherinden sagat 15:15-de asmana göterilýär.

Häzirki wagtda Türkmenabat halkara howa menzilinden Aşgabat we Daşoguz şäherlerine hem uçuşlar ýerine ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: