JEMGYÝET

Türkmenabat ― Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçarlar goýuldy

Giriş synaglaryny tabşyrmak maksady bilen Aşgabada gelýän dalaşgärleriň sanynyň köp bolmagy bilen baglylykda, «Türkmenhowaýollary» welaýatlardan paýtagtymyza goşmaça howa gatnawlaryny gurar. Bu barada ORIENT habar berýär.

«Giriş synaglarynyň ýokary okuw mekdepleriniň hut özünde geçirilýändigi sebäpli, ýurdumyzyň welaýatlaryndan Aşgabada gelýän ýolagçylaryň sany ep-esli artdy» diýip, kompaniýanyň wekilleri neşire gürrüň berdiler. «Türkmenhowaýollary» bu ýagdaýa taýýarlykly geldi hem-de goşmaça gatnawlary amala aşyrmaga başladylar. Goşmaça gatnawlar kabul ediş möwsüminiň ahyryna çenli dowam eder.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylda şeýle çäreler eýýäm kabul edilen talyplaryň Aşgabada gelýändigi üçin awgust aýynyň ahyrynda amala aşyrylypdy. Ýöne soňky wagtlar ýurduň içindäki howa gatnawlary ep-esli artdyryldy.

Paýtagtda ýurduň ähli künjeklerinden dalaşgärleri kabul edýän iri bilim edaralary ýerleşýär.  Bu çäre şu aýyň 28-ne çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: