1-nji oktýabrdan soň hem Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Aşgabat şäherine her gün dört gatnaw amala aşyrylar.
Irden 08:00-da, agşam 20-de we gije 23:50-de uçýan uçarlar hepdäniň ähli günlerinde hereket eder. Duşenbe ― anna günleri aralygynda gündiz sagat 16:00-da, şenbe güni 12:00-da, ýekşenbe güni bolsa 16:15-de hem uçuşlar bolar.
Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýty habar berýär.
