• Thu. Sep 24th, 2020

Türkmenabat ― Aşgabat awtobus gatnawy wagtlaýyn ýatyryldy

Jul 16, 2020

«Türkmenawtoulaglary» agentligi öz resmi saýtynda 15-nji iýuldan başlap, Aşgabatdan welaýat merkezlerine we sebitleriň iri şäherlerine gatnaýan awtobus gatnawlarynyň wagtlaýyn çäklendirilendigini habar berdi.
Şol sanda Aşgabat ― Türkmenabat aralygynda gatnan «Yutong» kysymly awtobusyň gatnawy hem wagtlaýyn çäklendirildi.
Agentlik resmi saýtyndaky habarda diňe «Arçman», «Mollagara», «Daşoguz» we «Baýramaly» şypahanalaryna awtobus gatnawlarynyň amala aşyrylýandygyny ýatladýar.
Arassalaýyş we zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilmegi bilen bagly bu çäklendirmäniň haçan tamamlanjakdygy saýtda görkezilmeýär.

Поделиться ссылкой: