Türkmenabadyň tikin fabriginde üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynyň meýilnamasy 135,7% berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende bolsa, 117% ösüş gazanyldy.

Şeýle sepgide alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýan önümleriň öndürilmeginiň, zähmetiň oýlanyşykly guralmagynyň netijesinde ýetildi. Şonuň ýaly-da, muňa önümçiligiň durkunyň düýpli täzelenilmegi hem şert döretdi. Şu günler kärhanada  beýleki önümler bilen bir hatarda Türkmenistan — Bitaraplygyň ýylynyň nyşany goýlan çagalar we ulular üçin niýetlenen trikotaž eşiklerini hem tikýärler. Olara içerki bazarda isleg bolsa ýokary.

2020-nji ýylyň birinji aýynda gazanylan netije geçen ýylkysy bilen deňeşdirilende önümçiligiň depgininiň barha ýokarlanýandygyny görkezdi.

Tikinçiler geçen ýylyň meýilnamasyny 147% berjaý edilipdiler. Şonda 2018-nji ýyl bilen deňeşdirende, ösüş depgini 120% töweregi bolupdy we 36 million 260 müň manatlyga golaý önüm öndürilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: