Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenabadyň tikin fabriginde önüm öndürilişi artýar

Jul 23, 2021

Türkmenabadyň tikin fabriginde ýylyň başyndan bäri 21 million 661,5 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu alty aý üçin göz öňünde tutulanyndan 5 million 221 müň manatlyga ýakyn köpdür. Başgaça aýdanymyzda, kärhanada alty aýlyk meýilnama 132 göterime ýakyn berjaý edildi. Önümçiligiň depgini kärhanada ýyllyk meýilnamanyň hem möhletinden öň doldurjakdyklaryna güwä geçýär. Onuň üçin 13 million 856 müň manatlyk gowrak işi ýerine ýetirmek galdy. Şonda 35 million 518 müň manatlykdan gowrak tikin önümlerini öndüriler. Fabrikde önümleriň 80-den gowrak görnüşi çykarylýar. Olaryň hatarynda harby eşikler, ulular we kiçiler üçin niýetlenen eşikler, dürli görnüşli düşek toplumlary, ýorgan we ýassyk daşlary, düşek örtükleri we beýlekiler bar.

Adblock
detector