Türkmenabadyň tikin fabriginde meýilnamadan artyk 6 million 514 müň manatlyga ýakyn önüm öndürildi
Türkmenabadyň tikin fabriginde ýylyň başyndan bäri 19 million 995 müň manatlyga ýakyn önüm öndürildi. Bu göz öňünde tutulanyndan 6 million514 müň manatlyga ýakyn köpdür.
Häzirki wagtda kärhanada tikin we trikotaž önümleriniň 120-den gowrak modelleri öndürilýär. Bu ýerde erkekler, aýallar we çagalar üçin möwsümleýin geýimler, esgerler üçin eşikler, dürli görnüşli panamalar, ýantorbalar, içki geýimler, işçi geýimleri we egin-eşikleriň başga-da köp görnüşleri tikilýär. Şonuň ýaly-da, dürli düşek toplumlary, ýorgan daşy, düşek örtükleri, ýassyk daşy ýaly önümler hem ilata elýeter bahalardan hödürlenilýär