YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tikin fabriginde mekdep okuwçylary üçin harytlar öndürilýär

Şu günler Türkmenabadyň tikin fabriginde mekdep okuwçylary üçin zähmet sapaklaryna niýetlenen lybaslary, gyzlar üçin öňlükleri we okuwçy ýantorbalary öndürýärler. Häzirki wagta çenli kärhanada gyzlaryň zähmet sapagy üçin gülgüne reňkli iliki halatlaryň we ýaglyklaryň 500-den, oglanlar üçin ýene şol sapaga niýetlenen gök reňkli penjekleriň 800-den, ýene-de oglanlar üçin penjek bilen reňkdeş öňlüklerdir ýeňlikleriň 1000-den gowragy öndürildi. Her ýyl däp bolşy ýaly, bu ýerde kiçi synp okuwçy gyzlar üçin adaty ak reňkdäki öňlükler hem öndürilýär. Ýokary hilli ýüplükden taýýar tikilen şeýle öňlükleriň eýýäm 500-si taýýar edilip, sargytçylara ugradyldy. Şonuň ýaly-da, häzire çenli gyzlar üçin gülgüne, oglanlar üçin gara reňkli ýokary hilli torbalaryň 100-si taýýar edildi. Olar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we fabrigiň öz dükanlarynda ilata elýeterli bahalardan hödürlenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: