YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tikin fabriginde göz öňünde tutulanyndan 7 million 869 müň manatlykdan gowrak köp önüm öndürildi

Türkmenabadyň tikin fabriginde şu ýylyň alty aýynda 24 million 310 müň  manatlykdan gowrak iş ýerine ýetirildi. Bu meýilleşdirileninden 7 million 869 müň manatlykdan gowrak köpdür. 

Fabrikde önümleriň 80-den gowrak görnüşi çykarylýar. Olaryň hatarynda harby eşikler, ulular we kiçiler üçin niýetlenen eşikler, dürli görnüşli düşek toplumlary, ýorgan we ýassyk daşlary, düşek örtükleri we beýlekiler bar. Bu ýerde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň birnäçesini öndürýärler. Olaryň hatarynda mekdep okuwçylarynyň goşhaltalarynyň, sport eşikleri bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: