YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tikin fabriginde göz öňünde tutulanyndan 3 million manatlyga ýakyn önüm köp öndürdiler

Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary şu ýylyň üç aýynda meýilleşdirilen 7 million 476 müň 710 manatlygyň ýerine 10 million 401 müň 746 manatlyk önüm öndürdiler, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Kärhananyň tikinçi gelin-gyzlarynyň ellerinden çykan önümleriň hyrydarlary ýeterli. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümleriň hiline aýratyn üns berilmegi olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitdi. Buýurmalaryň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegi hyrydarlaryň göwünlerinden turýar. Önümleriň aglaba bölegi harby egin-eşiklerdir. Şol sanda ulular we çagalar üçin hem eşikleriň uly topary tikilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: