JEMGYÝET

Türkmenabadyň tikin fabriginde geçen ýyl meýilnamadan ep-esli artyk önüm öndürildi

Türkmenabadyň tikin fabriginde 2020-nji ýylda meýilnamada göz öňünde tutulanyndan 11 million 91 müň manatlykdan gowrak önüm köp öndürdiler.
Ýyllyk meýilnama boýunça 35 million 506 müň 179 manatlyk önüm öndürilmelidi. Hakykatda geçen ýylyň jemleri boýunça bu görkeziji 46 million 597 müň 409 manada barabar boldy.
Fabrikde harbylar üçin geýimler, ulular we çagalar üçin eşikler, ýorgan-düşek üçin toplumlar tikilýär. Bulardan başga-da, geçen ýylyň dowamynda mekdep okuwçylarynyň goşhaltalarynyň 1500-siniň, agyz-burun örtükleriniň 464 müňden gowragy öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply