Türkmenabadyň tikin fabriginde 38,3 million manatlyk önüm öndürildi
Şy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň görkezijileri boýunça Türkmenabadyň tikin fabriginde 38 million 313 müň 410 manatlyk önüm öndürilip, bellenilen meýilnama 102,7 göterim ýerine ýetirildi.
Önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100, 01 göterime deň boldy. Fabrikde ilatyň islegine görä tikin we trikotaž önümleriniň 250-den gowrak görnüşi, şol sanda dürli ölçegdäki penjekler we jalbarlar, gelin-gyzlar üçin köýnekler, çaga geýimleri, mekdep okuwçylarynyň egin-eşikleri, köýnekçeler, sport eşikleri, ýörite işçi geýimleri, harby gullukçylara niýetlenilen lybaslar, düşek toplumlary, pamykly düşekler we ýassyklar taýýarlanylýar.
Bu ýerde häzirki wagtda, esasan-da, harby gullukçylar üçin egin-eşikleri taýýarlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar.