TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabadyň tikin fabriginde 29 million 18 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi

Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Meýilnama boýunça bu ýerde şu ýylyň sekiz aýynda 22 million 440 müň 940 manatlyk önümiň deregine 29 million 18 müň 422 manatlyk önüm öndürildi. Fabrigiň ykdysatçysy Aýnur Orunowa 35 million 518 müň manatlykdan gowrak tikin önümlerini öndürmek baradaky ýyllyk meýilnamanyň möhletinden öň ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirýär. Buýurmalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümleriň hyrydarlarynyň göwünlerinden turýar. Häzirki wagtda fabrikde harbylar üçin geýimleriň uly tapgyry, şeýle hem ululara we çagalara niýetlenilen güýzki we gyşky möwsümler üçin ýyly eşikler tikilýär. Önümleriň hiline aýratyn uly üns berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: