YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tikin fabrigi ýurt goragçylaryny harby lybaslar bilen üpjün edýär

Türkmenabadyň tikin fabriginde tikinçiler şu ýylyň geçen bäş aýynyň dowamynda meýilleşdirilen 19 million 400 müň manatlygyň ýerine 20 million 8 müň 764 manatlyk önüm öndürdiler.

Bu döwürde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi ýerine ýetirildi.

Fabrikde diňe bir buýurmalara däl, isleglere görä işlemek usulynyň önümçilige ornaşdyrylmagy hem ilatyň göwnünden turýar.