Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýyllyk meýilnamanyň berjaý edilmegine az wagt galdy

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýylyň başyndan bäri 1 million 484 müň manatlykdan gowrak iş ýerine ýetirildi. Bu ýene-de 386 müň manatlyk iş ýerine ýetirilse, ýyllyk meýilnamanyň berjaý ediljekdiginden habar berýär.

Kärhanada welaýatda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň käbir şaýlaryny dikeldýärler, käbirlerini bolsa özleri öndürýärler. Bu ýerde ätiýaçlyk şaýlarynyň 500-den gowrak görnüşi öndürilýär. Bu bolsa oba hojalyk işeriniň ählisini wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmäge şert döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector