YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýyllyk meýilnama ik essä ýakyn ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri ýyllyk meýilnamasyny möhletinden öň artygy bilen berjaý etdiler.

Zawodyň hünärmenleri dekabr aýynyň soňuna çenli 1 million 68 müň manatlyk işi ýerine ýetirmelidiler. Geçen sekiz aýda bu görkeziji 2 million 83 müň manada barabar boldy.

Kärhanada oba hojalyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň 160-dan gowragyny öndürýärler. «Jon Deere», «Claass», «MTZ» kysymly traktorlaryň käbir şaýlaryny, kultiwatorlar üçin tigirjikleri, joýa çekijileri, ýumşadyjylary we beýleki şaýlaryny, oba hojalygynda ulanylýan gurallaryň birnäçe görnüşlerini hem öndürip gelýärler. Käbir şaýlary bolsa dikeldýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: