Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda meýilnama 2,5 esse gowrak ýerine ýetirildi
Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýylyň başyndan bäri 1 million 130 müň matanlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu bäş aý üçin meýilleşdirileninden 2,5 esseden hem köpdür.
Şeýlelikde, 686 müň manatlykdan gowrak önüm meýilleşdirileninden köp öndürdi.
Zawodda oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýärler, möhleti geçenleriniň käbirlerini dikeldýärler. Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylýan ätiýaçlyk saýlarynyň sanawy 200-den geçýär. Olar traktorlaryň, kombaýnlaryň, oba hojalyk gurallarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmäge şert döredýärler.