YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda meýilleşdirilenden artyk önüm öndürilýär

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda 2 million 400 müň manatlykdan gowrak iş ýerine ýetirildi.  Bu dokuz aýlyk meýilnamadan hem 1 million 154 müň manatlykdan gowrak, ýyllyk meýilnamada görkezileninden bolsa 530 müň manatlyk kändir.

Zawodda oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýärler, möhleti geçenleriniň käbirlerini dikeldýärler. Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylýan ätiýaçlyk saýlarynyň sanawy 500-den geçýär. Olar traktorlaryň, kombaýnlaryň, oba hojalyk gurallarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmäge şert döredýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: