TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda göz öňünde tutulanyndan artyk işler ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýylyň başyndan bäri 2 million 97 müň manatlykdan gowrak işler ýerine ýetirildi. Bu göz öňünde tutulanyndan 537 müň manatlykdan köpdür.
Zawodyň hünärmenleri oba hojalyk tehnikalarynyň şaýlary täzeden dikeldýärler, käbirlerini bolsa ýasaýarlar. «Jon Deere», «Claass», «MTZ» kysymly traktorlaryň käbir şaýlaryny, kultiwatorlar üçin tigirjikleri, joýa çekijileri, ýumşadyjylary we beýleki şaýlaryny, oba hojalygynda ulanylýan gurallaryň birnäçe görnüşlerini hem öndürip gelýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply