Türkmenabadyň pagta egirme fabriginde ýylyň başyndan bäri nah ýüplükleriň 6595 tonnasy daşary ýurtlara ugradyldy.
Ýylyň başyndan bäri kärhanada jemi 7315 tonna nah ýüplük öndürildi. Bu öndürilen önümiň 90%-den gowragynyň daşary ýurtlara iberilendigini aňladýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa, 108 göterimden gowrak ösüş depgini gazanyldy. Önümleri BAE-niň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalary satyn aldylar.
Türkmenabadyň pagta egirme fabriginde (Türkmenistan) eksportyň göwrümi artýar
