BILIM

Türkmenabadyň mekdepleri döwlet bäsleşiginde has köp orny eýelediler

Ýakynda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda
«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Onda welaýatymyzyň mekdep okuwçylary öňdäki orunlaryň 34-sini eýelediler. Olaryň üçüsi birinji
orundyr.
Lebaply mekdep okuwçylary, esasan hem, informatika okuw dersinden geçirilen bäsleşikde
üstünlikli çykyş etdiler. Bu bäsleşik Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirildi. Onda welaýatymyzyň okuwçylary öňdäki orunlaryň jemi 8-sini gazandylar. Şolaryň biri birinji, dördüsi ikinji, üçüsi bolsa üçünji orunlardyr. Şeýle hem welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary bäsleşikde rus dili dersinden bäş, fizika we geografiýa derslerinden dört, himiýadan, türkmen dili we edebiýatdan üç, astronomiýadan, taryhdan we iňlis dilinden iki, biologiýadan bir medala mynasyp boldular.
Welaýatymyzyň mekdepleriniň arasynda iň köp orny Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylary eýelediler. Olar bäsleşikde öňdäki orunlaryň 8-sine mynasyp boldular. Şeýle hem bäsleşikde welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 29-njy we 41-nji orta mekdepleriň her haýsy 3, welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 21-nji, 39-njy we Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdepleriň okuwçylary 2 medaldan gazandylar. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Hojambaz etrabyndaky 10-njy, Dänew etrabyndaky 14-nji, ýöriteleşdirilen 17-nji, 21-nji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji, 18-nji, ýöriteleşdirilen 30-njy, Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji, 41-nji, 42-nji, 43-nji, ýöriteleşdirilen 55-nji, Halaç etrabyndaky 16-njy, 25-nji we 28-nji orta mekdepleriň okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: