JEMGYÝET

Türkmenabadyň köçelerinde täze ýolyşyklar goýuldy

Täze ýylyň ilkinji aýynda Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky ähli çatryklarda ýolyşyklary täzeleýiş işleri geçirildi. Indi şäheriň çatryklarynyň ählisinde sürüjilere we pyýada ýolagçylara has döwrebap we oňaýly ýolyşyklary hyzmat edýär.
Şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň ýol gözegçileri tarapyndan welaýat merkeziniň beýleki köçelerinde hem bökdençsiz hereketiň üpjün edilmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Hususan-da, adamlaryň köpçülikleýin işe gidýän we işden gelýän wagtlarynda gözegçiligi güýçlendirip, akgynly hereketiň ýola goýulmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Howanyň çalt garalýan häzirki günlerinde sürüjilerden yşyklaryň sazlygy berk talap edilýär.