BILIM

Türkmenabadyň iň gowy terbiýeçileri kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň şäher tapgyry üstünlikli geçirildi. Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan guralan bu döredijilikli bäsleşige deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Olar ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde ulanýan usullary, sapaklary guraýyş aýratynlyklary hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyşlary barada çykyş etdiler. Şeýle-de terbiýeçiler çykyşlarynda çagalary milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde toplan tejribelerini giňişleýin paýlaşdylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ähli ugurlar boýunça ýokary görkezijileri gazanan terbiýeçiler ýeňijiler diýlip yglan edildi we olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Baýrakly orunlary eýelänlere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle çäreler mekdebe çenli bilim ulgamynda zähmet çekýän terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýaş nesle berilýän terbiýäniň hilini has-da kämilleşdirmäge hyzmat edýär.