SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabadyň iň gowy gimnastikaçylary yglan edildi

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça ezber türgenleriň onlarçasyna tälim berilýär. Ýakynda mekdepde sportuň şu görnüşi boýunça Türkmenabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi.

Ol türgenleriň öz tälimçileriniň ýolbaşçylygynda jogapkärçilikli ýaryşa taýýarlyk bilen gelendiklerini görkezdi. Dürli ýaş derejelerinde M.Nurmämmedow, A.Saparow, A.Jumaýew, F.Akmyradow, O.Kadyrow, D.Iganow, M.Akmyradow, A.Nowruzowa, L.Palsewa, A.Rozyýewa ýaly türgenlerimiz beýlekilerden has tapawutlandylar.

Sport gimnastikasy boýunça türgenler ýurt derejesindäki ýaryşlarda-da üstünlikli çykyş edýärler. Açyk birinjiligiň netijesinde öňe saýlanan türgenler şu günler döwlet birinjiliklerine taýýarlyk görýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: