Şu günler Lebap welaýatynda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze önümhananyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär.
Bu ýerde ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumy gurmak göz öňünde tutulýar. Toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.
Himiýa zawodynda hem häzirki wagtda ýylda 170 müň tonna superfosfat, 200 müň tonna kislorod we ösümlikleriň ösüşini sazlaýan oksigumad serişdesi öndürilýär. Indi bolsa superfosfatyň möçberi kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy esasynda artdyrylar we hili hem has gowulanar.
Türkmenabadyň Himiýa zawodynda täze önümçiligiň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär
14
Oct
