YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň himiýa zawodynda önümçilik meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody işe girizilmeginiň 65 ýyllygy bellenilen geçen önümçilik ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemledi. Hasabat döwründe kärhanada jemi 151 müň 600 tonna superfosfat döküni öndürildi. Şeýle-de, zawodyň kükürt kislotasyny öndürýän bölüminde işler netijeli alnyp barlyp, geçen ýylyň dowamynda bu önümiň 311 müň 600 tonnasy taýýarlanyldy we sarp edijilere ugradyldy.
Häzirki wagtda 100 gektardan gowrak meýdany we 30-a golaý önümçilik bölümi bolan bu kuwwatly kärhanada döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen binýady tutulan täze desgalar toplumy işe girizilenden soňra, zawodda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň mineral dökünlerine bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.