Türkmenabadyň himiýa zawodynda meýilleşdirileninden artyk mineral dökün öndürildi
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýokary önümçilik netijeleri gazanylýar. Şu ýylyň geçen üç aýynda bu ýerde fosforly mineral dökünleriň meýilleşdirilen 40 müň tonnasynyň deregine 52 950 tonnasy öndürildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Ýylyň dowamynda fosforly mineral dökünleriň 224 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirildi. Ýylyň başyndan bäri kükürt kislotasynyň 32 400 tonnasy öndürildi. Bu hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli köpdür.