YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň himiýa zawodynda iki aýyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi

 S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylyň başyndan bäri fosforly dökünleriň 40 müň 500 tonnasy öndürildi. Bu iki aýda göz öňünde tutulanyndan 3 müň 500 tonna köpdür.

Netijede bu önümi öndürmek boýunça iki aýlyk meýilnama 109 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de, bu döwürde kükürt kislotasynyň hem 22 müň tonnasy taýýarlanyldy. Öndürilen önümler ulanyjylara wagtynda iberilýär. Ýerine ýetirilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 16 million 940 müň manatlyga deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: