YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosforyň öndürilişi has artýar

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda geçen ýylyň meýilnamasy boýunça fosforly mineral dökünleriň 224 müň tonnasyny öndürmegiň deregine 270 müň 500 tonnasy öndürildi. Şeýlelikde, zawodyň bu önümhanasynda ýyllyk meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi.

Kärhanada oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrýan bu mineral dökünleriň önümçiliginiň ýylsaýyn artmagy bilen ýaşyl maýsalar hut şu zawodda öndürilen dökünler bilen iýmitlendirilýär. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody gündogar sebitde iş alyp barýan hususyýetçiler bilen hem hyzmatdaşlyk edip, önümleriň birnäçesini öndürýär. Häzirki wagtda kuwwatly himiýa kärhanasynda täze önümhanalary açmak babatynda hem degerli işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak gerek. Bu ugurda dünýä tejribesi öwrenilip, degişli gepleşikler geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: