YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda on aýlyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň geçen on aýynda 29 million 684 müň 478 manatlyk önüm öndürildi we meýilnama 100,3 göterim ýerine ýetirildi.

Netijede unuň 38147, manna ýarmasynyň 160, kepegiň 11634 tonnasy öndürildi. Bu bolsa çörek bişiriji kärhanalary, konditer önümlerini öndürijileri we ilaty un bilen gerekli mukdarda üpjün etmek üçin şertleri döretdi. Gaýtadan işlenen bugdaýyň 50 göteriminden alnan kepek bolsa önüm öndürijilere arzan bahadan gaýtarylyp berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: