YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda netije işler alnyp barylýar

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda birinji we ýokary hilli unlar,
bugdaý ýarmasy hem-de kepegi öndürilýär.                                                                            Şu ýylyň ýanwar—oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça kärhanada 110 million
134 müň 186 manatlyk önüm öndürilip, manat möçberinde meýilnama 102,9
göterim berjaý edildi. Kärhanada jemi 37 müň 867 tonna un öndürilip, şondan
12 müň 549 tonnasy ýokary hilli, 25 müň 318 tonnasy hem birinji hilli unlardyr.
Şeýle-de ýylyň başyndan bäri bu ýerde bugdaý ýarmasynyň 110 tonnasy, kepegiň 11 müň 498 tonnasy taýýarlanyldy. Döwrebap kärhanada kämil daşary ýurt enjamlaryna daýanylyp, önümçilik awtomatik usulda dolandyrylýar. Ýüz müň tonna dänäni saklamaga niýetlenilen elewatorda hem-de uly önümçilik mümkinçiligi bolan kuwwatly degirmende öz işine ussat işçi-hünärmenleriň ençemesi agzybir zähmet çekýär.
Barlaghana Şwesiýanyň, Germaniýanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilendir.