JEMGYÝET

Türkmenabadyň etegindäki merkezde tomusda çagalaryň 900-si dynç alar

Türkmenabat şäheriniň golaýynda, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda çagalaryň 900-si dynç alar. Merkezde her tapgyrda çagalaryň 300-si kabul edilýär.
Tomusky dynç alyş möwsüminde Lebap welaýatynyň çagalary Gökderedäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we welaýatdaky çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alarlar. Häzirki günlerde etrap-şäherlerde çagalaryň sagdyn dynç almaklary, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri we ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň dynç alşy üçin degişli şertler döredilen. Ýakyn günlerde bu ýerde tomusky möwsüme niýetlenen medeni, sport we döredijilik çärelerine badalga berler.