Türkmenabadyň etegindäki merkezde 300 çaga dynç alýar
Şu günler Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň 300-si dynç alýar.
Häzirki günlerde çagalar bu ýerde öz wagtlaryny şadyýan, göwnühoş geçirýärler. Mugallymlardyr terbiýeçiler çagalaryň her gününiň ýatdan çykmajak täsirlere beslenmegi ugrunda alada edýärler.
Ýeri gelende belläp geçsek, tomusky dynç alyş möwsümine eýýäm bir aý öňünden taýýarlyk görlüp, çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmekleri, lezzetli dynç almaklary üçin ähli şertler döredildi. Oýun otaglary, açyk howuz, dürli gurnaklar çagalaryň hyzmatynda. Naharhanada çagalaryň ählisini bir wagtyň dowamynda naharlamak üçin mümkinçilik bar. Bulardan başga-da çagalar sport desgasynda, surat, aýdym-saz otaglarynda, kinozalda işjeň dynç alşy gyzykly güýmenjeler bilen utgaşdyrýarlar.
Bu ýerde tomus möwsüminde şeýle tapgyrlaryň üçüsini guramak meýilleşdirilýär. Her tapgyr hem 20 gün dowam eder.