Türkmenabadyň eli iň çeper zenanlary yglan edildi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Hünärim bar —hormatym bar» atly bäsleşigiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige milli el işleri bilen meşgullanýan, olaryň inçe syrlaryny ýaşlara öwretmekde ussatlyk görkezýän çeper elli zenanlar gatnaşdylar.
Netijede Türkmenabat şäherindäki 36-njy orta mekdebiň mugallymy Gülzada Amanowa, welaýat çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Gülälek Açylowa we Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň mugallymy Mähriban Amanowa ýeňijiler diýlip yglan edildiler hem-de bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.