YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 12,4 müň kub metr demirbeton önümleri öndürildi

Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda içi boşlukly örtgi plitalary, jähek daşlary, sütünler, diwar bloklary, şeýle hem öýler üçin gapy-äpişge we dürli mebel görnüşleri öndürilýär. Bu ýerde 150-den gowrak hünärmen yhlas bilen zähmet çekýär.
Kärhananyň önümçilik bölümleri döwrebap gurluşyk üçin zerur önümleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanýar. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda 12 müň 400 kub metre golaý demirbeton önümleri öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Ösüş depgini bolsa 104 göterime golaý boldy. Önümçiligiň hilini üpjün etmek maksady bilen ýörite barlaghana hereket edýär. Şeýle
mümkinçilikler ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň üpjünçiligini kämilleşdirmäge we önümçiligiň durnuklylygyny saklamaga hyzmat edýär.