Türkmenabadyň «Demirbetonönümler» zawodynda 21205 kub metr önüm öndürildi
Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda şu ýylyň geçen dokuz aýynyň jemi
boýunça gurnama demirbeton önümleriniň 21205 kub metrden gowragy
öndürilip, meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi.
Jemi taýýarlanylan senagat önümleriniň we edilen işleriň möçberi geçen ýylyň
deňeşdirilýän döwrüne görä 107,7 göterime deň boldy.
Bu ýerde köpöýjükli demirbeton plitalary, içki we daşky diwar panelleri, jaýlar
üçin bitewi demirbeton plitalary, lagym ulgamy üçin beton guýular we guýy
örtgüleri, demirbeton basgançaklary, beton bloklar, germewlik demirbeton
önümleri, dik demirbeton sütünleri ýaly önümleriň 100-e golaý görnüşi
öndürilýär.