Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar.Toplumda şu ýylyň sekiz aýynyň meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 2 müň 14 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 895 tonnasy öndürildi.
Degişli döwürde 15 million 13 müň 31 manatlyk iş edildi. Şeýle-de ýanwar –awgust aýlarynda buýan köküniň 2 müň 895 tonnasy, ekstraktyň bolsa 420 tonnasy eksport edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.