BILIM

Türkmenabadyň başlangyç synp mugallymlary üçin usuly-amaly maslahat geçirildi

Welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Saglyk başymyzyň göwher täjidir» atly usuly-amaly okuw guraldy.

Usuly-amaly okuwa gatnaşyjylar şu bilim ojagynda ýaş nesliň döwrebap bilim, asylly terbiýe almagy üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Soňra olara mekdebiň başlangyç synplarynda geçirilen göreldeli sapaklara gatnaşmaga mümkinçilik döredildi. Hususan-da 3-nji synpda «Bedew atlar kişňände», 4-nji synpda «Deňdeş agzalaryň dyngy belgileri» diýen mowzuklarda geçirilen göreldeli sapaklar täsirliligi bilen tapawutlandy. Şonuň ýaly-da öňdebaryjy mugallymlar «Matematika sapagynda arifmetiki amallaryň ýerine ýetiriliş tertibiniň düzgünleriniň yzygiderliligini öwretmegiň usullary» diýen nutuk bilen çykyş etdiler. Çärede hünärmenler we öňdebaryjy bilim işgärleri usuly-amaly okuwda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça özara pikir alyşdylar.

Şol gün bu ýerde mekdebiň başlangyç synp mugallymlarynyň taýýarlan okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi hem guraldy. Sergide ýerleşdirilen esbaplaryň döwrebaplygy, ähmiýetliligi çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: