Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň guramaklarynda okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi guraldy. Bu çärä oba hojalyk toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan mekdebiň mugallymlary, talyp ýaşlary, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýan edilýän edep-ekramlylyk we adamkärçilik sypatlary barada çykyşlar edildi.
Çykyşlarda şol sanda ýaş nesiller barada edilýän aladalar baradaky meselelere hem deglip geçildi. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat beriji goşgulary we watançylyk mowzugyna ýugrulan şygyrlar okaldy. Bu çäre gatnaşyjylaryň arasynda milli gymmatlyklary we edep kadalaryny düşündirmekde esasy orun eýeledi.
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
03
Mar
