TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabada we käbir etraplara täze gaz geçirijiler çekildi

Gaz geçirijileri çekmekligiň welaýatyň ähli ýerinde ýaýbaňlandyrylýandygyny belläp geçmek bolar. Bu babatda Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesine we şäheriň eteginde täze paýlanan mellek ýerlerine çekilen geçirijileriň uzynlygy 5 kilometre golaýlapdyr.
Mundan başga-da, ýylyň başyndan bäri Darganata etrabynda 1, Dänew etrabynda 11,1, Çärjew etrabynda 6,6, Halaç etrabynda 3,3, Hojambaz etrabynda 8,4, Köýtendag etrabynda 6,4 kilometr, Saýat etrabynda 440 metr gaz geçirijiler çekilipdir. Gazy sarp edijilere ýetirmek üçin welaýat boýunça gaz paýlaýjy beketleriň 406-synyň, gaz sazlaýjylaryň 3477-siniň işledilýändigini aýdyp geçmek bolar. «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň işçileridir hünärmenleri tarapyndan ýylyň
bütin dowamynda gaz paýlaýjy beketler we gaz sazlaýjylar berk gözegçilikde saklanylýar, zerur halatlarda bolsa, olarda abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu bolsa raýatlarymyzy tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmäge şert döredýär.